Programma barada

Bu programma hasaplaýyş sistemalary bilen işlemek üçin niýetlenendir. Eger siz talyp, programmist ýa-da diňe sanlar dünýäsine gyzyklanýan bolsaňyz — bu programma size peýdaly gollanma bolup biler. Programma arkaly dürli hasaplaýyş sistemalary boýunça bilim alyp, hasaplamalary ýerine ýetirip we gerekli geçirişleri amala aşyryp bilersiňiz.

Üýtgediji

Bu bölüm arkaly siz sanlary 2-den 36-a çenli islendik hasaplaýyş sistemasyndan beýlekisine aňsat we takyk geçirmek mümkinçiligine eýe bolýarsyňyz. Diňe bitin sanlar däl, kesir sanlar we otrisatel bahalar hem doly goldanylýar. Geçiriş prosesi diňe netije bermek bilen çäklenmän, her ädimi düşnükli edip düşündirýär, bu bolsa size prosesiň logikasyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Netijeler takyk we ygtybarly bolup, siz olary okuwda, programmirlemede, matematikada ýa-da gündelik hasaplarda ulanyp bilersiňiz. Amatly interfeýs we düşündirişler arkaly siz indi çylşyrymly geçirişleri ýatda saklamagyň ýerine, olary real wagt tertibinde düşünip, amalda ulanyp bilersiňiz.

Kalkulýator

Bu bölüm adaty standart kalkulýatoryň ähli mümkinçiliklerini hödürleýär, ýöne bir tapawut bilen: siz 2-den 36-a çenli islendik hasaplaýyş sistemasyny saýlap bilersiňiz. Ähli arifmetik amallar — goşmak, aýyrmak, köpeltmek, bölmek we beýleki hasaplamalar — saýlanan hasaplaýyş sistemasynda ýerine ýetirilýär. Bu size diňe netijeleri almak däl, eýsem şol hasaplaýyş sistemasynda hasaplamagyň logikasyny amaly taýdan görmäge mümkinçilik berýär. Kalkulýator bitin, kesir we otrisatel sanlary goldaýar.

Makalalar

Makalalar bölüminde hasaplaýyş sistemalaryna degişli dürli mowzuklary okap bilersiňiz. Bu ýerde taryhy maglumatlardan başlap häzirki zaman programmirleýişdäki ulanylyşyna çenli gyzykly makalalar jemlenendir. Her bir makala düşnükli, aňsat we amaly mysallar bilen baýlaşdyrylandyr. Täze makalalar yzygiderli goşulyp durulýar.

Paýlaşyň

Programmany peýdaly hasaplasaňyz, ony beýlekiler bilen hem paýlaşyň. Bu programma arkaly diňe siz däl, eýsem töweregiňizdäki dostlar, kursdaşlar we kärdeşler hem hasaplaýyş sistemalaryny öwrenip, bilimlerini baýlaşdyryp bilerler. Programma ýönekeý interfeýs we düşnükli düşündirişler bilen çylşyrymly mowzugy düşünmäge ýardam edýär. Aýratyn hem talyplar üçin bu gowy goşmaça çeşme, programmistler üçin bolsa peýdaly serişdedir. Hasaplamak, geçirmek, öwrenmek we kod ýazmak — hemmesi bir ýerde jemlenen: hasaplaýyş sistemasyna degişli ähli bilimler bir programmada ýygnanan.

Biz bilen habarlaşyň

  • Soraglaryňyz ýa-da teklibiňiz barmy?
  • Programma goşmaça girizmek barada teklibiňiz bolsa ýa-da programmada bir zady düşnüksiz hasaplaýarsyňyzmy?
  • Käbir mowzukda makala goşmak isleýärsiňizmi ýa-da goşmaly diýip hasaplaýarsyňyzmy?
  • Nägileligiňiz ýa-da şikaýatyňyz barmy?
  • Programmanyň işleýşinde ýa-da maglumatlaryň mazmunynda säwlik ýa-da düşnüksizlik bolsa
  • Programma degişli we ondan daşary soraglar üçin hem
Biz bilen habarlaşyň. Siziň pikirleriňiz biziň üçin möhümdir!